Pikirleriňizi durmuşa geçirmäge hoş geldiňiz!
Nähili hyzmatlarymyz bar?
WEB sahypalar
Ulanyjylara aňsat we tizligi çaltlandyrylan websahypalaryny taýýarlamakda halkymyza az wagtyň içinde birnäçesini hödürledik. Bularyň arasynda häzir türkmen ulanyjylarynyň arasynda görnükli sahypalaryň hem birnäçesi bar.
Maksatnama çözümi
Sizi iş kagyzlaryny harçlamakdan, Excel sahypalaryndan, ulanmagy kyn bolup guramaňyzyň hasabatlary üçin gabat gelmeýän, hasabat çykarmak üçin köp wagt talap edýän maksatnamalardan daşlaşdyryp, diňe siziň guramaňyz üçin gerek bolan hasabatlary göz öňünde tutup, ýöriteleşdirilen maksatnamalary guramaňyzyň dizaýny boýunça taýýarlap berer.
API birikdirmesi
Biz käbir taslamalarymyzda görnükli sahypalar bolan Facebook, Twitter, Mail.ru, Odnoklassniki ýaly sahypalar bilen birikdirmek arkaly birnäçe ulanyjylary gazandyk.
SEO hyzmatlary
Sahypalary Google, Yandex, Yahoo, Bing ýaly gözleg ulgamlarynda birinji sahypada çykarmak işleri. Islendik sözler boýunça gözleg edilende, siziň websahypaňyz gözlegiň netijelerinde birinji sahypada çykmaga kömek eder.
Web Dizaýn
Göwnüňizden turjak, sada, reňkleri sazlaşykly, ähli browserlerde (Firefox, Opera, Internet Explorer, Google Chrome, Safari) sahypaňyz dogry işlejekdigine kepil geçýäris. Dizaýn işleri sahypanyň ululygyna bagly bolup 3-10 gün içinde taýýarlanylýar.
Hosting hyzmatlary
Islendik ululykdaky, islendik sahypalara güýji ýetjek hosting hyzmatlarymyz. Domain adyny registrasiýa etmek, töleg kabul edilenden soňra, 30 minut içinde amala aşyrylýar. Size garaşmaklyk gerek bolmaz!

